Ysraýylyň polisiýa işgärleri Gündogar Iýerusalimde bir palestinalyny öldürdiler

Ysraýylyň polisiýa işgärleri basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimde pyçakly hüjüm guramak isländigini öňe sürüp, bir palestinalyny od açyp öldürdiler

1735584
Ysraýylyň polisiýa işgärleri Gündogar Iýerusalimde bir palestinalyny öldürdiler

Ysraýylyň Polisiýa gullugy tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Gündogar Iýerusalimiň Köne şäher zolagynda bir adamyň pyçak bilen hüjüm guramak isländigini habar berdi. 

Aksa metjidiniň territoriýasynyň çäginde ýerleşýän Köne şäher zolagyndaky Awstriýa myhmanhanasynyň golaýynda başdan geçirilen wakada, 2 polisiýa işgäriniň ýaralanandygy, hüjümi guran adamyň bolsa od açylyp täsirsiz ýagdaýa getirilendigi beýan edildi. 

Beýleki tarapdan Ysraýylyň we palestinanyň metbugatynda berilen habarlarda, Ysraýylyň polisiýa işgärleri tarapyndan od açylan palestinalynyň ýogalandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar