Eýran ABŞ-ny Ýazgardy

Eýran ABŞ-nyň 6 raýaty bilen bir firmany sanksiýa sanawyna goşmagyny ýazgardy

1736034
Eýran ABŞ-ny Ýazgardy

ABŞ, “2020-nji ýyldaky prezident saýlawyna täsir ýetirmäge synanşandyklary” sebäpli 6 eýranly bilen bir firmany sanksiýa sanawyna goşdy.

Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Said Hatibzada beren beýanatynda Eýranyň ABŞ-daky saýlawa goşulyşmaga synanşygy hakyndaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini aýtdy.

Eýranyň goşmaça sanksiýalary ozalky Amerikan Prezidenti Donald Trampyň Tährana goýan “başarnyksyz ýokary gysyş syýasatynyň” dowamy hökmümde kabul edýändigini we ýazgarýandygyny beýan eden Hatibzada; “Ençeme ýurda dürli görnüşdä çare görmekde ençeme etmişi bolan ABŞ-nyň hökümetiniň, ýurdun halk köpçüligini aldatmak üçin öňe sürýän jedelleri esassyz diýlip häsýetlendirilýär” diýdi.

Düýn ABŞ-nyň Gazna ministrliginden berilen beýannamada 2020-nji ýyldaky prezident saýlawyna täsir ýetirmäge synanşandyklary sebäpli 6 eýranly bilen 1 firmanyň sanksiýa sanawyna goşulandygy habar berilipdi.


Etiketkalar: #ýazgarmak , #sanksiýa , #ABŞ , #Eýran

Degişli Habarlar