Ugur Şahin Rak Keseliniň Sanjymyndan Ýokary Netijä Garaşýar

Professor Ugur Şahin rak keseline garşy öndürilen sanjym hakynda beýannama berdi.

1735219
Ugur Şahin Rak Keseliniň Sanjymyndan Ýokary Netijä Garaşýar

“BioNTejh” firmasynyň esaslandyryjylaryndan Professor Ugur Şahin rak keseline garşy özleri tarapyndan öndürilen sanjymdan umytlydygyny beýan etdi.

Rak keseliniň görnüşleri boýunça kliniki barlaglardan oňyn netije alandyklaryny beýan eden Ugur Şahin, häzirki wagta çenli geçirilen barlaglarda käbir kesellillerde çişleriň kiçelendigini görendiklerini nygtady.

Ýerlikli sanjym kombinasiýasy arkaly gaty çişleriň hem bejerilip bilinjekdigini nygtan Şahin, çişleriň diňe bir kiçelmegini däl, eýsem kiçelmeginiň yzgiderliligini üpjün etmegi nazarda tutýandyklaryny gürrüň berdi.

Şahin aýratynam bejerginiň “howpsuzdygyna” ünsi çekip, netijeleri “tolgundyryjy” hökmünde hasýetlendirdi.

Rak keseliniň bejergisi boýunça sanjymyň ulanmaga berilmegi üçin 3-4 ýylyň gerek boljakdygy beýan edilýär.



Degişli Habarlar