“Russiýa, Belarusy Immigrantlara Garşy Alyp Barýan Tutumyndan Ýüz Öwürdip Biler”

Psaki, Polşa-Belarus serhedinde başdan geçirilýän krizis hakynda durup geçdi

1734452
“Russiýa, Belarusy Immigrantlara Garşy Alyp Barýan Tutumyndan Ýüz Öwürdip Biler”

ABŞ, Polşa-Belarus serhedinde başdan geçirilýän immigrant krizisiniň çözülmegi üçin Russiýa, Belarusa basyş etmegi barada çagyryş berdi.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Psaki, metbugata beren beýannamasynda Polşa-Belarus serhedinde başdan geçirilýän krizis hakynda durup geçdi.

Polşa-Belarus serhedinde başdan geçirilýän immigrant krizisi bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýdan Psaki, “Krizisden Belarus hökümeti jogapkär. Aleksandr Lukaşenkonyň ýolbaşçylygyndaky hökümete goýuljak sanksiýalar meselesinde Ýewropaly hyzmatdaşlarymyz bilen aragatnaşyk saklaýarys” diýdi.

ABŞ-yň Prezidenti Jo Baýden bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň arasynda ýakynda telefon söhbetdeşliginiň geçirilmegine garaşmaýandyklaryny aýdan Psaki, “Russiýa Belarusy immigrantlara garşy alyp barýan tutumyndan ýüz öwürdip biler” diýdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #Polşa , #immigrant , #Ak Tam

Degişli Habarlar