Eýran 12 Ýewropa Ýurdynyň Sarp Edýän Tebigy Gazyny Sarp Edýär

Eýranda sarp edilýän tebigy gazyň mukdary artýar

1733870
Eýran 12 Ýewropa Ýurdynyň Sarp Edýän Tebigy Gazyny Sarp Edýär

Eýranyň Nebit ministriniň orunbasary Mejid Çegini ýurdunda sarp edilýän tebigy gazyň mukdarynyň 12 Ýewropa ýurdunda sarp edilýäne deňdigini aýtdy.

Çegini Eýranyň döwlet mediasynda berilen beýanatynda tebigy gaz üpjünçiliginde 3-nji orunda durýan Eýranyň ABŞ-dan, Russiýadan we Hytaýdan soň tebigy gaz sarp etmekde ýokarky hatarlarda durýandygyny aýtdy.

Çegini: “Ýurdumyzda sarp edilýän tebigy gazyň mukdary Ýewropanyň 12 baý ýurdunyňka deň. Bu mukdar energiýanyň we esasanda tebigy gazyň sarp edilmegi boýunça aladalarymyzyň näme üçin artandygyny görkezýär” diýdi.

Çegini Eýranda jemi 25 million ulanyjynyň bardygyny we günde sarp edilýän tebigy gazyň mukdaryň geçen ýyla görä 90 million m3 artyp, 480 million m3-a ýetendigine ünsi çekip, şol sebäpli beketlere çäklendirme goýundyklaryny we eksport edilýan tebigy gazyň mukdaryny hem azaltjakdyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar