Kabulda Bolan Partlamada 6 Adam Ýogaldy

Şaýylaryň köpçülikleýin ýaşaýan etrapçasynda marşrutka goýlan bomba ýaryldy.

1733508
Kabulda Bolan Partlamada 6 Adam Ýogaldy

Owganystanyň paýtaty Kabulda bolan partlamada 6 adam ýogaldy.

Kabulyň günbatarynda şaýylaryň köpçülikleýin ýaşaýan etrapçasynda marşrutka goýlan bomba ýaryldy.

Taliban wakada 6 adamyň ýogalandygyny, 7 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüna alan bolmady.

Emma terror guramasy DAEŞ soňky günlerde Owganystanda esasan şaýylaryň ýaşaýan etrapçalaryny nyşana alýar.


Etiketkalar: #partlama , #Kabul , #şaýy , #Owganystan

Degişli Habarlar