Russiýanyň harby uçarlary Belarussiýanyň howa giňişliginde gözegçilik uçuşyny amala aşyrdylar

Russiýanyň Goranmak ministrligi, 2 sany TU-22M3 harby uçarynyň Belarussiýanyň howa giňişliginde gözegçilik uçuşyny amala aşyrandygyny habar berdi

1732093
Russiýanyň harby uçarlary Belarussiýanyň howa giňişliginde gözegçilik uçuşyny amala aşyrdylar

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Uçarlaryň uçuş amala aşyrýarka Russiýanyň we Belarussiýanyň Ýaragly güýçleriniň ýer gözegçilik nokatlary bilen aragatnaşyk ugurlarynyň üstünde işlendi" diýip mälim edildi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we Belarussiýanyň Döwlet baştutany Aleksandr Lukaşenko, 4-nji noýabrda ykdysady we sosial ugurlarda 2 ýurdyň integrasiýasy bilen bagly "Birleşik Döwlet programmasyny" tassyklaýan kararnama gol çekipdiler. 

Putin we Lukaşenko, ady agzalan kararnamanyň çäginde iki ýurdyň arasynda "Birleşik Döwlet söweş doktrinasyny" hem tassyklapdylar. 



Degişli Habarlar