Russiýa ABŞ-nyň Gara deňizdäki hereketlerine garşy öňüni alyş çärelerini görýär

Russiýa Gara deňize giren ABŞ-na degişli gämiler tarapyndan ýerine ýetirilýän manýowrlaryň gözegçiligi üçin biri-birinden tapawutly öňüni alyş çärelerini görýär

1731595
Russiýa ABŞ-nyň Gara deňizdäki hereketlerine garşy öňüni alyş çärelerini görýär

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, 30-njy oktýabrdan bäri ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine degişli Mount Whitney atly gämi bilen birlikde jemi 3 gäminiň Gara deňize girendigi habar berildi. 

ABŞ-na degişli 2 strategik harby uçarynyň hem Russiýanyň 100 km uzaklygynda uçuş amala aşyrandygy bellenen beýanatda: "Russiýanyň Gara deňizdäki floty ABŞ-nyň gämileriniň Gara deňizdäki hereketlerini gözegçilik etmek üçin ençeme öňüni alyş çäre görýär" diýip mälim edildi. 

Beýanatda: "ABŞ-nyň goşuny tarapyndan ýerine ýetirilýän manýowrlar Russiýanyň serhediniň golaýyna köp milletli Ýaragly güýçler guran ABŞ-nyň meýilnamadan daşary aksiýasydyr. Bular ýaly hereketler, Ukrainanyň topraklarynda harby taýdan giňelmek maksatnamasyny hem öz düzüminde jemleýän Gara deňiz sebitinde durnuksyzlaşdyryjy bir hereketdir" diýip aýan edildi. 



Degişli Habarlar