Eýran Wiýetnama Degişli Nebit Tankerini Boşatdy

Eýran iki hepde mundan ozal Oman deňizinde “nebit ogurlaýandygy” sebäpli saklanan Wiýetnama degişli “SOTHYS” atly nebit tankerini boşatdy.

1731960
Eýran Wiýetnama Degişli Nebit Tankerini Boşatdy

Eýranyn döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň TankerTrakkers atly gämi yzarlaýyş firmasyna esaslanyp beren habaryna görä Ynkylap goragçylary goşuny tarapyndan Eýrana degişli nebitiň geçirilendigi sebäpli saklanan tanker boşadyldy.

Tankerdäki 26 adamdan ybarat ekipaž hakynda bolsa maglumat berilmedi.

Eýran Oman deňizinde 25-nji oktýabrda başdan geçirilen Wiýetnama degişli nebit tankeriniň ele geçirlýän pursatlarynyň ýazgysyny 3-nji noýabrda ýaýradypdy. Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň beýanatynda ABŞ-nyň “eýrana degişli nebiti ogurlamaga” synanşygy öňe sürülipdi we Eýranyň nebitiň geçirilen tankerini saklandygy habar berilipdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň resmisi bolsa Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň günäkärlemesiniň hakykaty beýan etmeýändigini aýdypdy.

Wiýetnamyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynyň resmisi Pham Tu Han 4-nji noýabrda beren beýanatynda saklanan Wiýetnama degişli tanker boýunça Eýran bilen aragatnaşyk saklanandygyny we mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny beýan edipdi.



Degişli Habarlar