Russiýanyň Berlin Şäherindäki İlçihanasynyň Öňünde Rus Diplomaty Öli Ýagdaýda Tapyldy

Wakanyň 19-njy oktýabrda bolandygy habar berildi

1730026
Russiýanyň Berlin Şäherindäki İlçihanasynyň Öňünde Rus Diplomaty Öli Ýagdaýda Tapyldy

“Spiegel” žurnalynyň habarynda Berliniň polis gullugynyň 19-njy oktýabrda ýerli wagt boýunça 07:20-de Russiýanyň Germaniýanyň Berlin şäherindäki İlçihanasynyň öňündäki tratuwarda bir jeset tapandygy beýan edildi.

Habarda Behren şaýolunyň ugrunda ýerleşýän ilçihananyň binasynyň ýokarky gatyndan gaçandygy çaklanylan 35 ýaşly diplomatyň 2019-njy ýyldan bäri ilçihanada ikinji kätip bolup işleýändigi mälim edildi.

Nemes howpsuzlyk gulluklarynyň şol adamy rus içerki howpsuzlyk gullugy FSB-niň işgäri hökmünde häsýetlendirýändigi, diplomatyň FSB-niň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan biriniň garyndaşydygy öňe sürüldi.

Rus ilçihanasynyň diplomatyň jesedinde awtopsiýa edilmegine rugsat bermändigi, ölen adam diplomatik derejä eýe bolandygy üçin nemes prokuroturasynyň ölüm boýunça derňew işini geçirmändigi beýan edildi.

Habarda diplomatyň jesediniň Russiýa alynyp gidilendi, rus ilçihanasynyň hem waka hakynda “tragiki heläkçilik” hakynda beýan edip, “etiki sebäplerden” analiz berilmändigi nygtalýar.



Degişli Habarlar