Ysraýylly Esgerler Aş Şukara Obasyndaky Metjidi Ýykdy

Palestinanyň Gaznalar we din işleri ministrligi metjidiň ysraýylly esgerler tarapyndan ýykylmagyny ýazgardy.

1729474
Ysraýylly Esgerler Aş Şukara Obasyndaky Metjidi Ýykdy

Ysraýylly esgerler basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň Nablus şäherinde bir metjidi ýykdy.

Nablusyň Duma etrabynyň häkimi Süleýman Dewabişe, ysraýylly esgerleriň ir ertir Dumanyň Aş Şukara obasyna operasiýa gurandygyny aýtdy.

Dewabişe, ysraýylly esgerleriň obada bikanun ýagdaýda gurlandygy bahanasy bilen metjidi ýykandygyny belledi.

Ysraýylly esgerleriň etrabyň günortasynda iki ekerançylyk desgasyny hem ýykandygyny aýdan Dewaşibe, Ysraýylyň Duma etrabynyň şäherleşmeginiň öňüni almak bilen ýehudi ýaşaýyş ýerleri üçin ýer açmaga çalyşýandygyny belledi.

Palestinanyň Gaznalar we din işleri ministrliginden berlen beýannamada, Dumanyň Aş Şukara obasyndaky metjidiň ysraýylly esgerler tarapyndan ýykylmagy ýazgaryldy.



Degişli Habarlar