ABŞ F-35-ler bilen bagly geçirilýän gepleşikler barada beýanat berdi

Jon Kirbi, gündelik metbugat ýygnagynda, güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

1727885
ABŞ F-35-ler bilen bagly geçirilýän gepleşikler barada beýanat berdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Jon Kirbi, Türkiýäniň we ABŞ-nyň goranmak pudagynyň wekilleriniň arasynda F-35 programmasy bilen baglanşykly Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde amala aşyrylan gepleşikleriň netijeli geçendigini aýan etdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Jon Kirbi, gündelik metbugat ýygnagynda ady agzalan gepleşikler bilen bagly soraga: "Geçirilen gepleşikler Türkiýäniň F-35 programmasyndan çylarylmak tapgyrynyň tamamlanmagy we onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gelejegi üçin näme many gelýändigi bilen bagly gepleşikdi. Şol sebäpli örän netijeli geçdi. Äheň taýdan hem ýokary derejededi. Türkiýe häzirki wagtda hem ençeme umumy bähbidimiz bolan NATO hyzmatdaşymyzdyr. Biz alýansyň perspektiwasyndan umumy howpsuzlyk bähbitlerine laýyklykda Türkiýe bilen işleşmäge dowam etmek isleýäris" diýip habar berdi.

Kirbi maslahatyň diňe Türkiýäniň F-35 programmasyndan çykarylmagyndan ybarat bolandygyna ünsleri çekip: "Bu Türkiýe bilen ikitaraplaýyn ýagdaýda ýakyndan hyzmatdaşlyk ýollaryny tapmajakdygymyz manysyny bermeýär" diýip belledi.

Türkiýäniň F-16 talabynyň diňe milli howpsuzlyk taýdan däl, eýsem şol bir wagtda NATO-nyň howpsuzlygy üçin hem möhümdigini ýatladyp, ABŞ-nyň güýçli bir Türkiýäniň Harby-howa güýçleriniň NATO üçin möhüm bolup-bolmandygyna ynanyp-ynanmaýandygy bilen bagly soraga Kirbi, ABŞ-nyň harby satuwlary babatynda beýanat bermejekdigini, emma Türkiýäniň NATO-nyň möhüm we ähmiýetli bir agzasydygyny beýan etdi.

"Alýansymyz ikitaraplaýyn howpsuzlyk gatnaşyklaryň çäginde bolup, Türkiýe bilen mundan soň ýolumyzy nähili dowam etdirjekdigimiz bilen bagly gepleşikler geçirmek möhümdir we ony etmäge dowam ederis" diýip habar berdi.

Türkiýäniň Siriýada ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a garşy guramagy ähtimal operasiýasy bilen baglanşykly soraga Kirbi, bu babatda beýanat bermejekdigini, SDG adyny ulanýan ÝPG/PKK bilen Siriýada spesifik ýagdaýda we diňe DAIŞ-e garşy göreşiň çäginde hyzmatdaşlyk etmäge dowam edýändiklerini aýan etdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #Türkiýe , #NATO , #Jon Kirbi

Degişli Habarlar