Nigeriýada Hoko Harama Agza 37 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Boko Haram Nigeriýa howp salmaga dowam edýär

1727416
Nigeriýada Hoko Harama Agza 37 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda terror guramasy Hoko Harama garşy guralan operasiýada 37 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Nigeriýanyň goşuny tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, harby güýçleriň 30-njy oktýabrda Boko Harama garşy “Hadin Kai” operasiýasyny geçirendigi nygtaldy.

Beýannamada operasiýada 37 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Operasiaýda terrorçylara degişli ýaraglaryň we ulaglaryň ele geçirlendigi ýatladyldy.

Boko Haram, soňky ýyllarda guralan operasiýalara garamazdan Afrikanyň iň köp ilatly ýurdy Nigeriýa howp salmaga dowam edýär.

Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri Nigeriýada guraýan terrorçylykly hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.

Boko Haram 2015-nji ýyldan bäri Nigeriýanyň goňşulary Kamerunda, Çatda we Nigerde hem hüjümler guraýar.

Nigeriýada terrorçylykly hüjümler we çaknyşyklar sebäpli ýüzmüňlerçe adam öýüni terk etmeli boldy.



Degişli Habarlar