Lawrow: "NATO biz bilen hiç hili gatnaşyk islemeýär" diýdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, NATO-nyň Russiýa bilen hiç hili gatnaşyk islemeýändigini belledi
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde geçirilen G20-ä agza ýurtlaryň Liderler maslahatyndan soň metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.
NATO tarapyndan Russiýa bilen gatnaşyklaryň düzelmegi bilen bagly başlangyçlaryň bolup-bolmanlygy bilen bagly soraga Sergeý Lawrow, NATO-nyň näme etmek isleýändigi barada özlerine hiç hili maglumatyň ýokdugyny habar berdi.
Sergeý Lawrow: "Hakykatlara esaslanýarys. Hakykat bolsa NATO biz bilen hiç hili gatnaşyk islemeýär" diýip beýan etdi.
Russiýa-NATO geňeşiniň bilelikde işleşen döwründe NATO-nyň Moskwadan islän ýeke täk zadynyň durmuşy öwretmek we Ukraina babatynda maslahat geçirmek bolandygyny aýdan Lawrow: "Ähli bähbitleri propogandany gamçylamak we Russiýa basyş etmekdi. Indi boldy, mesele ýapyldy" diýip habar berdi.
Lawrow mundan beýläk NATO-nyň islendik meselede Russiýanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip biljekdigini mälim etdi.