“Bu Şanly Günüňizde Sizi Tüýs Ýürekden Gutlaýaryn”

Entoni Blinken “Amerikan halkynyň adyndan türk halkyny Respublika baýramy bilen gutlaýaryn” diýdi

1726489
“Bu Şanly Günüňizde Sizi Tüýs Ýürekden Gutlaýaryn”

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Türkiýe Respublikasynyň gurlan gününiň 98 ýyllygy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Blinken ýüzlenmesinde “Bu şanly günüňizde sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we geljek ýyllarda hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýdi.

Entoni Blinken 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde “Amerikan halkynyň adyndan türk halkyny Respublika baýramy bilen gutlaýaryn” diýip belledi.

Türkiýäniň, ABŞ-nyň NATO agza esasy hyzmatdaşydygyny nygtan Blinken, Türkiýäniň birnäçe ýyldan bäri halkara meseleleriň çözülmegi üçin ABŞ we halkara jemgyýetçiligi bilen birlikde hereket edýändigini nygtady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda asyrlardan bäri dowam edýän gatnaşyklaryň diýseň möhümdigini ýatlatdy.

 

 

 



Degişli Habarlar