29-njy Oktýabr Respublika Baýramy Dünýäniň Çar Tarapynda Bellenilip Geçilýär

Türkiýe Respublikasynyň 98 ýyllygy Awstraliýada, ABŞ-da we Kataryň paýtagty Dohada dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

1726527
29-njy Oktýabr Respublika Baýramy Dünýäniň Çar Tarapynda Bellenilip Geçilýär

Türkiýe Respublikasynyň gurlan gününiň 98 ýyllygy Awstraliýada, ABŞ-da we Kataryň paýtagty Dohada dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.

Respublika baýramy Türkiýäniň Awstraliýadaky ilçihanasy tarapyndan paýtagt Kanberradaky Atatürk ýadigärliginiň öňünde, Sidneýdäki we Melborndaky Başkonsullygy tarapyndan şäher merkezindäki Federassiýa meýdanynda dabara geçirildi.

29-njy oktýabr Respublika baýramyna bagyşlanan çäreler, Awstraliýada täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli az sanly adamyň gatnaşmagynda geçirildi.

Türkiýäniň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Murat Merjanyň ýolbaşçylygynda ilçihanada ýörite dabara geçirildi.

300 adamyň gatnaşmagynda geçirlen dabara Türkiýäniň we ABŞ-nyň döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlady.

Dabara myhmanlara türk tagamlary we türk kofesi hödürlendi.

29-njy oktýabr Respublika baýramy Türkiýäniň Katardaky ilçihanasy tarapyndan dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.



Degişli Habarlar