Eýran ýadro gepleşikleri bilen bagly beýanat berdi

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Bakyri, Awstriýanyň paýtagty Wena şäherindäki ýadro ylalaşygy bilen bagly gepleşikleriň noýabr aýynyň ahyryna çenli başlajakdygyny habar berdi

1726199
Eýran ýadro gepleşikleri bilen bagly beýanat berdi

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Bakyri, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar gullugynyň baş sekretarynyň orunbasary we Syýasy direktory Enrike Mora bilen Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiren duşyşygyndan soň Twitter hasabyndan beýanat berdi. 

Mora bilen netijeli we oňyn gepleşikler geçirendigini aýdan Ali Bakyri, ýadro ylalaşygy bilen bagly gepleşiklere noýabr aýynyň ahyryna çenli başlamak babatynda ylalaşandyklaryny we anyk senenamanyň öňümizdäki günlerde aýan ediljekdigini habar berdi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň wezipä saýlanmagyndan soň 6-njy aprelde Wenada ýaňadandan başlan we 6 aýry tapgyr görnüşinde geçirilen ýadro gepleşiklerine Eýranda hökümediň üýtgemegi sebäpli arakesme berilipdi. 

Eýranyň hökümetiniň gepleşiklere ýaňadandan başlajakdygyny beýan etmeginden soň Mora, 14-nji oktýabrda Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Bakyri bilen Tähranda duşuşyp, Eýran bilen ÝB-niň arasyndaky gepleşikleri ýaňadandan başladypdy. 



Degişli Habarlar