Ukraina, Donbasda Türk Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Ulandy

Russiýanyň tarapdary ekstremistleriň gaubisa bilen guran hüjüminde ukrainaly 1 esgeriň ýogalandygy, 2 esgeriň ýaralanandygy nygtaldy.

1725593
Ukraina, Donbasda Türk Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulaglaryny Ulandy

Ukrainanyň ýaragly güýçleri, Donbasda Russiýanyň tarapdary ekstremistleriň ulanan gaubisasyny Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagy arkaly täsirsiz ýagdaýa getirendigini habar berdi.

Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Facebook arkaly beren habarnamasynda, Russiýanyň tarapdary ekstremistleriň gaubisa bilen guran hüjüminde ukrainaly 1 esgeriň ýogalandygy, 2 esgeriň ýaralanandygy nygtaldy.

Habarnamada, ekstremistleriň hüjümlerinden ýüz öwürmegi üçin Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň ulanylandygy bellenildi.

Habarnamada Ukrainanyň ýaragly güýçlerine degişli Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň front liniýasyny geçmändigi we ekstremistlere degişli gaubisany hatardan çykarandygy ýatladyldy.



Degişli Habarlar