Hartum Howa Menzili Ýapyldy

Halkara Hartum howa menzili oktýabr aýynyň 26-30-y aralygynda ähli uçuşlara ýapyldy

1725537
Hartum Howa Menzili Ýapyldy

Sudandaky agdarlyşyk synanşygyndan soň goşun generaly Abdulfetah Al Burhanyň adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny yglan etmegi bilen başlan protest ýörişleri sebäpli paýtagt Hartumdaky halkara howa menzili ýapyldy.

Halkara Hartum howa menziliniň oktýabr aýynyň 26-30-y aralygynda ähli uçuşlara ýapylandygy habar berildi.

Türk howa ýollary hem Sudanyň paýtagty Hartuma şu gün we ertir gurajak uçar saparlaryny ýurtda başdan geçirilýan wakalar sebäpli bes edipdi.

Sudanda 25-nji oktýabrda ir etdir Premýer ministr Abdullah Hamduk bilen birlikde syýasy ýolbaşçylar saklanypdy.

Agdarlyşyk synaşygyna garşy halk köçä çykypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar