Çadyň wagtlaýyn hökümetiniň Döwlet baştutany Türkiýä resmi sapar gurar
Çad Respublikasynyň wagtlaýyn hökümetiniň Döwlet baştutany Mahamat Idriss Debi Itno Türkiýä resmi sapar gurar

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Çad Respublikasynyň wagtlaýyn hökümetiniň Döwlet baştutany Mahamat Idriss Debi Itnonyň Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda şu gün Türkiýä geljekdigi habar berildi.
Saparyň çäginde geçiriljek duşuşyklarda, Türkiýe-Çad gatnaşyklarynyň köptaraplaýyn häsýetde gözden geçiriljekdigi we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin edilip bilinjek ädimleriň ele alynjakdygy mälim edildi.
Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde "G5 Sahel" we "Sahel-Sahara Döwletler arkalaşygynyň" döwürleýin başlyklygyny öz üstüne alan Çatdaky geçiş tapgyry bilen, sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşlmagy göz öňünde tutulýandygy aýan edildi.
Degişli Habarlar

Türkiýe Bilen Russiýanyň Tebigy Gaz Merkezi Bolmagy Üçin Edilýän Hyzmatdaşlyk Dowam Eder
Peskow, paýtagt Moskwada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda metbugata beýannama berdi.