Amerikan Senady ABŞ-nyň Ankara şäherindäki ilçisini tassyklady

Jeff Fleýkiň, ýakyn wagtda ABŞ-nyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi bolan Dewid Satterfiltden wezipäni kabul etmegine garaşylýar

1725565
Amerikan Senady ABŞ-nyň Ankara şäherindäki ilçisini tassyklady

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden tarapyndan ýurdunyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi wezipesine dalaşgär hödürlenen Jeff Fleýkiň ilçi wezipesi Senat tarapyndan tassyklandy. 

Jeff Fleýkiň ABŞ-nyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi wezipesine dalaşgärligi, Senatyň Baş geňeşinde geçirilen sala salşykda kabul edildi. 

Jeff Fleýkiň, ýakyn wagtda ABŞ-nyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi bolan Dewid Satterfiltden wezipäni kabul etmegine garaşylýar. 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, iýul aýynda Jeff Fleýki ABŞ-nyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi wezipesine dalaşgär hödürläpdi, Senadyň Daşary gatnaşyklar komitedi, 20-nji oktýabrda Jeff Fleýkiň dalaşgärligini tassyklap, Senadyň Baş geňeşinde geçiriljek sala salşygyň öňüni açypdy. 

Respublikançy bolmagyna garamazdan 2020-nji ýylda geçirilen Prezident saýlawynda Demokrat partiýaly Jo Baýdeni goldan Jeff Fleýk, 2013-2019-njy ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Senadynda Arizona ştatynyň Senady wezipesinde işläpdi, 2001-2013-nji ýyllar aralygynda bolsa Wekiller mejlisiniň agzasy bolupdy. 

Jeff Fleýk, 2019-njy ýylda ýurdyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet we Respublikan partiýanyň syýasatlary bilen özüniň garaýşynyň tapawutlanýandygy sebäpli Senatdan hormatly dynç alyşa çykypdy. 



Degişli Habarlar