Sudanda Başdan Geçirlen Wakalarda 7 Adam Ýogaldy

Sudanyň goşuny protest ýörişlerini basyp ýatyrmak üçin aşa güýç ulandy

1724915
Sudanda Başdan Geçirlen Wakalarda 7 Adam Ýogaldy

Sudanda harby agdarlyşyk synanşygyndan soň geçirlen protest ýörişlerinde 7 adam ýogaldy, 140 adam ýaralandy.

Sudanda düýn ir ertir wagtlaýyn hökümetiň Başlygy Abdullah Hamdukyň we 4 ministr bilen birlikde hökümetiň beýleki agzalarynyň saklanmagyndan soň halk, köçä çykdy.

Sudanyň goşuny bolsa protest ýörişlerini basyp ýatyrmak üçin aşa güýç ulandy.

Sputnigiň berýän habaryna görä, howpsyzlyk güýçleriniň protest ýörişlerinde aşa güýç ulanandygy sebäpli 7 adam ýogaldy, 140 adam ýaralandy.

Goşun generaly Abdulfettah Al Burhan, kanunlaryna özüne berýän ygtyýaryna esaslanyp “haosyň we krizisin” ortadan aýrylmagy üçin” adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny yglan edipdi.

 



Degişli Habarlar