Nigeriýada tussaghanadan gaçan 838 tussaglynyň 446-sy tussag edildi

Nigeriýanyň Oýo ştatynda tussaghana guralan ýaragly hüjümde tussaghanadan gaçan ýüzlerçe tussaglynyň 446-synyň tussag edilendigi aýan edildi

1724670
Nigeriýada tussaghanadan gaçan 838 tussaglynyň 446-sy tussag edildi

Nigeriýanyň Içeri işler ministri Rauf Aregbesola metbugata beren beýanatynda, 22-nji oktýabrda ştatyň Abolongo sebitindäki tussaghanadan gaçan 838 tussaglynyň 446-synyň tussag edilendigini mälim etdi. 

Hüjüm guralan mahaly 69 tussaglynyň gaçmagy ret edendigini aýdan Aregbesola: "Soňky görkezijilere görä tussaglylaryň 446-sy gaçdy, 392 tussagly bolsa gözlenýär" diýip habar berdi. 

Aregbesola, sebitiň ýaşaýjylaryna tussaglylaryň tapylmagyna kömek bermäge çagyrdy. 

Ýaragly adamlaryň 22-nji oktýabrda gije guran hüjümlerinde tussaghananyň 2 işgäri ýogalypdy, köp sanda adam ýaralanypdy. 



Degişli Habarlar