Günorta Koreýanyň Döwlet baştutany Demirgazyk Koreýa bilen parahatçylyk gepleşiklerini dowam etdirer

ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky ýadro gepleşikleriň geçirilmeginde möhüm orun eýeleýän Munyň 5 ýyllyk wezipe möhledi 2022-nji ýyly maý aýynda dolýar

1724498
Günorta Koreýanyň Döwlet baştutany Demirgazyk Koreýa bilen parahatçylyk gepleşiklerini dowam etdirer

Günorta Koreýanyň Döwlet baştutany Mun Džein wezipede bolan mahaly Demirgazyk Koreýa bilen parahatçylyk gepleşiklerini we dialogy dowam etdirjekdigini habar berdi. 

Mun parlamentde eden çykyşynda, Koreýa ýarymadasynda dialog we diplomatiýa ýoly bilen täze bir parahatçylygyň düzgüniniň ýola goýulmagyna goltgy bermek üçin ahyryna çenli tagalla etjekdigini mälim etdi. 

Günorta Koreýanyň Döwlet baştutany Mun Džein, ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň Lideri Kim Çen Ynyň, 2018-nji ýylyň 12-nji iýunynda ilkinji gezek duşuşyk geçirmeklerine ýardam edendigini, emma parahatçylyk bilen bagly tagallalaryň entek tamamlanmandygyny beýan etdi. 

ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky ýadro gepleşikleriň geçirilmeginde möhüm orun eýeleýän Munyň 5 ýyllyk wezipe möhledi 2022-nji ýyly maý aýynda dolýar. 

Oppozisionerler häkimiýetiň başynda bolan mahaly Koreýa ýarymdasynda konstruktiw pozisiýa eýeleýän Munyň ady agzalan çemeleşmesiniň demirgazykdaky goňşularyna garşy halkara derejedäki basyşy gowşadýandygyny beýan edýärler. 



Degişli Habarlar