“DAEŞ, Messep Çaknyşygynyň Başlamagyny Isleýär”

"DAEŞ-iň şaýylara degişli metjitlere guran terrorçylykly hüjümleri ýurtda messep çaknyşygynyň başlamagyny maksat edinýär"

1724579
“DAEŞ, Messep Çaknyşygynyň Başlamagyny Isleýär”

ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky NATO güýçleriniň Owganystandan çekilmeginden soň ýurtda ýaşaýan şaýylar, terror guramasy DAEŞ tarapyndan guralan iki hüjüme sezewar boldy. Kandaharda ýaşaýan şaýy din adamlary, terror guramasynyň messep çaknyşygyny başlatmak isleýändigini nygtady.

Şaýy din adamlary, ABŞ-dan soň biri Gunduzda beýlekisi Kandaharda bolmak bilen DAEŞ-iň şaýylara degişli metjitlere guran terrorçylykly hüjümleriniň ýurtda messep çaknyşygynyň başlamagyny maksat edinýändigini emma maksadyna ýetip bilmejekdigini nygtady.

Şaýy Geňeşiniň başlygy Serdar Muhammed Zahidi, 15-nji oktýabrda DAEŞ tarapyndan metjide guralan hüjümden öň Kandahar metjidiniň ymamydy. Hüjümden ýaralanmadan halas bolan Zahifi, “Partlamalar şol bir wagtda DAEŞ-iň güýjüni dünýä ýurtlaryna görkezmek üçin guraldy” diýdi.

Şaýy din adamlaryndan Hüseýin Nuri Şurperaýi DAEŞ-iň hüjümleriniň arkasynda Ysraýylyň we günbatarly ýurtlaryň bardygyny nygtady.



Degişli Habarlar