Nigeriýada Boko Harama Zarba Uruldy

Boko Haram, Nigeriýada uly howp emele getirýär.

1724447
Nigeriýada Boko Harama Zarba Uruldy

Günbatar Afrikada ýerleşýän Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda Boko Harama garşy guralan operasiýada köp sanly terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Nigeriýanyň Howa güýçleriniň serkerdesi Gabkwet mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, Nigeriýanyň goşunynyň Boko Harama garşy howa hüjümini gurandygyny aýtdy.

Gabkwet howa hüjüminde guramanyň düşelgesinin hatardan çykarlandyğyny we köp sanly terrorçynyň öldürlendigini ýatlatdy.

Boko Haram, soňky ýyllarda guralan operasiýalara garamazdan Afrikanyň iň köp ilatly ýurdy Nigeriýada uly howp emele getirýär.

Nigeriýada 2000-njy ýyllaryň başyndan bäri iş alyp barýan terror guramasynyň 2009-njy ýyldan bäri guraýan hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.

Ýurtdaky terrorçylykly hüjümler we çaknyşyklar sebäpli ýüzmüňlerçe adam başga ýere göçmäge mejbur boldy.



Degişli Habarlar