BMG Uýgur Meselesinde Hytaýa Çagyryş Etdi

Hytaýa halkara borçlaryny ýerine ýetirmegi hem-de adam hukuklaryna sarpa goýmagy üçin hem çagyryş edildi.

1723402
BMG Uýgur Meselesinde Hytaýa Çagyryş Etdi

Türkiýe bilen bilelikde 43 ýurt BMG-de Sinjan Uýgur Awtanomiýasyndaky uýgurlara hem-de beýleki musulman azlyklara basyş etmekde günäkärlenýän Hytaýa “BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň hem-de garaşsyz synçylaryň sebite dessine hem-de bökdençsiz barmagyna rugsat bermegi” üçin çagyryş etdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň adam hukuklary boýunça meselelerine garaýan 3-nji Komitetinde 43 ýurt bilelikde beýannama berip, Sinjandaky adam hukuklaryna edilýän basgylamalara aladalaryny bildirdiler.

Ynamdar habarnamalaryň 1 milliondan gowrak adamyň sebäpsiz saklananýan “syýasy tälim” düşelgeleriniň bardygyna üns çekýändigi nygtalyp; gynama, adamy kemsidiji çemeleşmek, güýç ulanmak arkaly önelgesizleşdirmek, jynsy basyş, çagalaryň güýç ulanmak arkaly ene-atalaryndan aýrylýandygyny delillendirýän habarnamalaryň sanynyň hem artandygy bellenilýär.

Beýannamada, uýgurlaryň we beýleki azlyklaryň aşa gözegçilik astynda saklanmaga dowam edilýändigi, Sinjan Uýgur Awtanomiýasyndaky uýgurlaryň we beýleki musulman azlyklara basyş etmekde hem-de güýç ulanmakda aýyplanýan Hytaýa “BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň hem-de garaşsyz synçylaryň sebite dessine hem-de bökdençsiz barmagyna rugsat bermegi” üçin çagyryş edildi.

Beýannamada Hytaýa halkara borçlaryny ýerine ýetirmegi hem-de adam hukuklaryna sarpa goýmagy üçin hem çagyryş edildi.BMG


Etiketkalar: #uýgur , #Hytaý , #BMG

Degişli Habarlar