Taliban: "Ähli owganlaryň pasport almaga hukugy bar" diýdi

Taliban hökümeti Owganystanyň ähli raýatlarynyň pasport almaga hukugynyň bardygyny beýan etdi

1722807
Taliban: "Ähli owganlaryň pasport almaga hukugy bar" diýdi

Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Içeri işler ministrliginiň Pasport edarasynyň Baş müdüriniň wekili Alem Gül Hakkani, BBC kanalyna beren beýanatynda, 15-nji awgustda bes edilen pasport bermek işleriniň ýaňadandan başlanmagyndan soň, gündelik takmynan 4 müň bilen 4 müň 500 aralygynda adama pasport berýändiklerini we jemi berilen pasportlaryň sanynyň 46 müňe ýetendigini belläp: "Ähli owganlaryň pasport almaga hukugy bar" diýip nygtady. 

Pasport bermek işlerini ýola goýandyklaryny aýdan Hakkani, raýatlaryň degişli şahamçalaryň üsti bilen pasportlaryny almaga başlandygyny aýan etdi. 

Hakkani, pasport berýän şahamçalaryň ähli halkyň hyzmatyna açykdygyna ünsleri çekip, daşary ýurda gitmek isleýän ähli adamlara resminama berjekdiklerini we ozalky hökümediň düzüminde bolan adamlaryň hem pasport almaklaryndan hoşal boljakdyklaryny beýan etdi. 

Talibanyň hökümetiniň owgan halkynyň gelejegi üçin arman-ýadaman işleýändigini aýdan Hakkani, hiç kimiň ýurdy terk etmäge mejbur däldigini we gorkmaly däldigini habar berdi. 


Etiketkalar: #pasport , #Owganystan , #Taliban

Degişli Habarlar