Pfizer-BioNTceh Sanjymynyň 12-18 Ýaş Toparynda Netijeliligi 93 Göterime Barabar

Ylmy barlag üçin 19 keselhanada koronawirusa ýolugan 179 keselli barlandy.

1722531
Pfizer-BioNTceh Sanjymynyň 12-18 Ýaş Toparynda Netijeliligi 93 Göterime Barabar

ABŞ-da Pfizer-BioNceh firmasynyň koronawirusa garşy öndüren Kovid-19 sanjymynyň 12-18 ýaş toparynda netijeliliginiň 93 göterime barabardygy anyklandy.

ABŞ-nyň Hassalyklara garşy göreş we öňüni alyş merkeziniň geçiren täze barlagyna görä, Pfizer-BioNTceh sanjymynyň 12-18 ýaş toparynda kesellileriň hassahana ýatyrylmagynyň öňüni alynmagy taýdan netijeliligi 93 göterime barabar.

Ylmy barlag üçin iýun-sentýabr aýlarynyň aralygynda 19 keselhanada koronawirusa ýolugan 179 keselli barlandy.

Barlagda 179 keselliden diňe 3-göteriminiň sanjym etdirendigi, 97 göteriminiň bolsa sanjym etdirmändigi anyklandy.

Gurama, ylmy barlagyň ýaş ilata sanjym edilmeginiň wirusa ýoluganlaryň sanynyň azalmagyna sebäp boljakdygyny we çagalary bu hassalykdan gorajakdygyny görkezýändigine ünsi çekdi.

ABŞ-nyň Hassalyklara garşy göreş we öňüni alyş merkeziniň görkezijilerine görä, ýurtda 12-15 ýaş toparyndakylaryň 46 göterimi, 16-17 ýaş toparyndakylaryň bolsa 54 göterimi Kovid-19 sanjymyny etdirdi.



Degişli Habarlar