Hytaýda tebigy gaz partlamasy boldy

Hytaýyň Liaoning ştatynda bolan tebigy gaz partlamasynda azyndan 3 adam ýogaldy

1723000
Hytaýda tebigy gaz partlamasy boldy

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, ştatyň paýtagty Şynýang şäherindäki restoranlaryň birinde bolan partlamada, 3 adam ýogaldy, 30-dan gowrak adam bolsa ýaralandy. 

Şu gün irden bolan partlama sebäpli restoranyň ýerleşýän 3 gatly bina hem zeper ýetdi. 

Halas ediş işleri üçin wakanyň bolan ýerine 100-den gowrak ýangyn söndüriji gönükdirildi, waka bilen baglanşykly başladylan derňew işi dowam edýär. 


Etiketkalar: #partlama , #tebigy gaz , #Hytaý

Degişli Habarlar