BMG, Siriýanyň Demirgazygyndaky Çaknyşyklara Alada Bildirýär

BMG,Siriýanyň demirgazyk günbatarynda soňky aýlarda çaknyşyklaryň artmaga başlandygy barada duýduryş berdi.

1722804
BMG, Siriýanyň Demirgazygyndaky Çaknyşyklara Alada Bildirýär

BMG, Siriýanyň demirgazyk günbatarynda 2020-njy ýylyň mart aýynda gazanylan ylalaşykdan soň soňky aýlarda çaknyşyklaryň artmaga başlandygy barada duýduryş berdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçilerinden Farhan Hag, Siriýanyň demirgazyk günbatarynda dowam edýän we barha artýan çaknyşyklara uly alada bildirýändiklerini nygtady.

Idlibde sişenbe güni guralan hüjümde 1 adamyň ýogalandygyny, 4 adamyň ýaralanandygyny aýdan Hag, İdlibiň çar tarapynda we Halabyň günbatarynda çaknyşyklaryň dowam edýändigini ýatlatdy.

Siriýadaky ähli çaknyşyklary ýazgaran Hag, taraplara halkara hukugyna sarpa goýulmagy, asuda ilatyň  we infstrukturanyň goralmagy üçin çagyryş berdi.



Degişli Habarlar