Zalmaý Halilzad Wezipesinden Çekildi

Halilzad, Amerikanyň Taliban bilen geçiren gepleşiklerinde uly rol oýnapdy.

1721752
Zalmaý Halilzad Wezipesinden Çekildi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň wezipesinden çekilendigini we ýerine orunbasary Tomas Westiň bellenendigini aýtdy.

Blinken mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, “Owganystan boýunça ýörite wekilimiz Zalmaý Halilzad wezipesinden çekilýär. Amerikan halkyna onlarça ýylyň dowamynda eden hyzmatlary üçin minnetdarlyk bildirýäris. Ozal ýörite wekilimiziň orunbasary wezipesi ýerine ýetiren Tomas West Owganystan boýunça ýörite wekilimiz bolar” diýdi.

Ozalky prezident Donald Tramp tarapyndan ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilligine bellenen Halilzad, Amerikanyň Taliban bilen geçiren gepleşiklerinde uly rol oýnapdy.



Degişli Habarlar