NATO Agza Ýurtlaryň Goranmak Ministrleri Brýusselde Duşuşar

Türkiýaniň adyndan maslahata Milli Goranmak ministri Hulusi Akar gatnaşar

1722418
NATO Agza Ýurtlaryň Goranmak Ministrleri Brýusselde Duşuşar

NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleri Owganystanda başdan geçirilýän soňky wakalary, Russiýa, Hytaý meselesini we NATO-ÝB gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin oktýabr aýynyň 21-22-i aralygynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde bir ýere jemlenşer.

Türkiýaniň adyndan Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň gatnaşmagynda geçiriljek we iki gün dowam etjek maslahat 21-nji oktýabrda günortadan soň başlar.

NATO agza ýurtlryň goranmak ministrleri, NATO-nyň iýun aýynda geçirlen maslahatyndan we guramanyň tomus aýlarynda Owganystandan çekilmeginden soň ilkinji gezek bir ýere jemlenşer.

Maslahatda, NATO-nyň Owganystandan çekilmeginden soň sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar we terrora garşy göreş meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar.

 



Degişli Habarlar