Russiýada Owganystan temaly maslahat geçiriler

Russiýanyň Daşary işler ministrligi ertir Owganystan bilen baglanşykly Moskwa formatynda maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi

1721803
Russiýada Owganystan temaly maslahat geçiriler

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Moskwa formatyndaky maslahatyň 3-nji gezek geçiriljekdigi mälim edildi. 

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň hem maslahatda çykyş etjekdigi bellenen beýanatda: "Maslahata sebitdäki 10 ýurdyň wekilleri bilen birlikde Owganystana wekilçilik edýän Taliban hereketiniň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýar" diýip habar berildi. 

Moskwa formatyndaky maslahatda, Owganystandaky harby-syýasy ýagdaýyň özgermegi we köptaraplaýyn hökümediň gurulmagy bilen bagly tamalaryň gözden geçiriljekdigi bellenen beýanatda, mundan başgada bu ýurtdaky ynsanperwer krizisiň öňüniň alynmagy üçin halkara jemgyýetiň tagallalarynyň artdyrylmagynyň üstünde durulyp geçiljekdigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar