Russiýa NATO-daky işlerini bes eder

Lawrow,  ýurdunyň 1-nji noýabrdan başlap NATO wekilhanasyndaky işlerini bes etjekdigini mälim etdi

1721354
Russiýa NATO-daky işlerini bes eder

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, ýurdunyň 1-nji noýabrdan başlap NATO wekilhanasyndaky işlerini togtatjakdygyny, gerek bolan halatynda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherindäki ilçihanasynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip biljekdiklerini habar berdi. 

Russiýanyň NATO missiýasynda iş alyp barýan 8 adamyň akkreditasiýasynyň NATO tarapyndan bes edilmegine garşy resmi Moskwadan garşylyk görkezildi. 

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow,  ýurdunyň 1-nji noýabrdan başlap NATO wekilhanasyndaky işlerini togtatjakdygyny mälim etdi. 

Sergeý Lawrow, mundan başgada Moskwadaky NATO harby missiýasynyň işleriniň togtadyljakdygyny, ol ýerde işleýän işgärleriň akkreditasiýasynyň ýatyryljakdygyny aýan etdi. 

NATO bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar, esasan hem Russiýanyň 2014-nji ýylda Krymy bikanun ýagdaýda anneksiýa edeninden we geçen ýyl rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenmeginden soň dartgynlaşypdy. 



Degişli Habarlar