Demirgazyk Koreýa Balistiki Raketa Synagyny Geçirdi

Ýaponiýa, Demirgazyk Koreýanyň iki balistiki raketa synagyny geçirendigini habar berdi.

1721638
Demirgazyk Koreýa Balistiki Raketa Synagyny Geçirdi

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio, Demirgazyk Koreýanyň iki balistiki raketa synagyny geçirendigini habar berdi.

Metbugata beýannama beren Premýer-ministr Kişida, Demirgazyk Koreýa tarapyndan iki balistiki raketa synagynyň geçirlendigini, wakada ýogalanyň ýada ýaralananyň bolmandygyny aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň sentýabr aýyndan bäri raketa synaglaryny geçiýändigini aýdan Kişida, ýapon esgerleriniň howpsyzlygynyň ýola goýulmagy üçin ýapon goşunlaryna ähli howplara garşy taýar bolmaklary üçin görkezme berendigini belledi.

Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan berlen beýannamada, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kararlaryna garşy bolan synaglary ýapon hökümeti hökmünde ýazgarýandyklary nygtaldy.

 

 



Degişli Habarlar