Hindistan Syýahatçylary Kabul Etmäge Başlady

Hindistan koronawirusa ýolukýanlaryň sanynyň azalmagyndan soň daşary ýurtly syýahatçylary kabul etmäge başlady

1720212
Hindistan Syýahatçylary Kabul Etmäge Başlady

Ýörite uçuşlardaki iki doza sanjym etdiren ýolagçylar şu günden başlap Hindistana gidip bilýän bolsa, tarifli uçuşlar bilen ýurda baran syýahatçylar 15-nji noýabrdan kabul edilmäge başlanar.

Içeri işler ministrliginiň çap eden karary ýurtdaky günlük Kowid-19 keseline ýolukýanlaryň sanyny maý aýynda 400 müňden soň 20 müňden aşak düşmeği we sanjymlanan adamlaryň sanynyň artmagyndan soň kabul edildi.

Ýurda baran syýahatçylaryň karantine alynyp alynmajakdygynyň entek näbellidigi, emma sapara gitjek adamlaryň iki doza sanjymlanmaklary we soňky 71 sagadyň dowamynda alynan negatiw Kowid-19 testiniň bolmalydygy beýan edildi.

 



Degişli Habarlar