ABŞ, Liwanyň Goşunyna 67 Million Dollarlyk Ýardam Berer

ABŞ, Liwana geçen hepde 6 harby dikuçar beripdi

1720022
ABŞ, Liwanyň Goşunyna 67 Million Dollarlyk Ýardam Berer

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Syýasy işlerden jogapkär geňeşçisi Wiktoria Nuland, Liwanyň goşunyna 67 million dollarlyk ýardam berjekdiklerini aýtdy.

Nuland Liwana guran resmi saparyndan soň paýtagt Beýrutdaky Halkara Refik Hariri howa menzilinde metbugata beýannama berdi.

ABŞ-nyň Liwana geçen hepde 6 harby dikuçar berendigini ýatladan Nuland, ýurdunyň Liwanyň goşunyna goşmaga 67 million dollarlyk ýardam berjekdigini belledi.

Russiýanyň paýtagty Moskwada geçiren duşuşyklaryndan soň Beýruda geçen Nuland saparynyň çäginde Liwanyň Prezidenti Mişel Awn, Mejlisiň başlygy Nebih Berri, Premýer-ministri Nejib Miktaty we Daşary işler ministri Abdullah Buhabib bilen duşuşdy.



Degişli Habarlar