Owganystanda Açlyk Sebäpli Çagalara Ölüm Howpy Abanýar

Azyk ýetmezçiligi çagalaryň kesellemegine sebäp bolýar

1719682
Owganystanda Açlyk Sebäpli Çagalara Ölüm Howpy Abanýar

Paýtagt Kabulyň Indirira Gandi adyndaky Çagalar keselhanasynda ýeterlik iýmitlenmezlik sebäpli ölümlerden jogapkär lukman Muhammed emin Şerifi ýoksullyk sebäpli agalaryň ýeterlik iýmitlenip bilmeýändiklerini we ýurtda çagalaryň howp astyndadygyny aýtdy.

Keselhanada onlarça çaganyň ýeterlik iýmitlenmezlik sebäpli ýüze çykýan keseller sebäpli bejergi alýandygyny beýan eden Şerifi; “Bu hassalygyň sebäbi halkyň hal-ýagdaýynyň erbet bolmagy. Adamlar çagalaryna seredip bilmeýär, sagdyn iýmitlendirip bilmeýärler” diýdi.

Çagalaryň ýeterlik protein almaýandyklary için içagyry we şuňa meňzeş kesellere sezewar bolýandyklaryny beýan eden Şerifi; “Çagalardaky açlyk we ýeterlik iýmitlenmezlik ysgynsyzlyga sebäp bolýar” diýdi.

Ýurtdaky syýasy durnuksyzlyk sebäpli döwlet edaralarynda işleýänleriň 4 aýdan bäri aýlyk hakyny almaýandygyna ünsi çeken Şerifi; “Gyş paslynyň gelmegi bilen kesellileriň sany hem artar. Çagalar howp astynda. Halkara jemgyýetçiliginden owgan halkyna kömek bermegini isleýäeris” diýdi.

Kabulyň 5 kilometr golaýyndaky Budhak obasynda käbir malgalalar çagalaryna çörek tapmakda kynçylyk çekýär.



Degişli Habarlar