ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ýakyn Gündogar Parahatçylyk Etaby Hakynda Pikir Alyşdy

Blinken, Ysraýylyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri bilen Ýakyn Gündogar parahatçylyk etaby hakynda pikir alyşdy

1719546
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ýakyn Gündogar Parahatçylyk Etaby Hakynda Pikir Alyşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Ysraýylyň Daşary işler ministri Lapid we Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri Abdullah bin Zaýed Al Nahýan bilen Ýakyn Gündogar parahatçylyk etaby hakynda pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs, Blinkeniň, Ysraýylyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler minisrtleri bilen Waşingtonda geçiren duşuşyklary hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Ysraýylyň Daşary işler ministri Lapid bilen bolan duşuşygynda İbrahim şertnamasynyň 1-nji ýylyndan soň sebitde başdan geçirilýän wakalary ara alyp maslahatlaşan Blinken, ABŞ-nyň iki döwletli çözgüde goldaw berýändigini, ysraýyllylar bilen birlikde palestinalylaryň gündelik durmuş şertleriniň kadalaşmagy üçin edilýän tagallalara goldaw berjekdiklerini nygtady.

Lapid bilen Eýranyň ýadro maksatnamasynyň başda durmagynda sebitleýin birnäçe mesele hakynda pikir alyşan Blinken, ABŞ-nyň Ysraýyla berýän güýçli goldawynyň dowam etjekdigine ünsi çekdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministri Al Nahýan bilen bolan duşuşygynda, Owganystandan göçürlenleriň ýurdunda myhman alynmagy üçin amatly şert döredendikleri üçin BAE-ne sagbolsun aýtdy.

 



Degişli Habarlar