Russiýa Ýewropa Gaz Akdyrmakda Ylalaşyklara Laýyklykda Borçlaryny Berjaý Edýär

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow Ýewropa gaz akdyrmakda ylalaşyklara laýyklykda borçlaryny berjaý edýändiklerini aýtdy

1719142
Russiýa Ýewropa Gaz Akdyrmakda Ylalaşyklara Laýyklykda Borçlaryny Berjaý Edýär

Peskow paýtagt Moskwada beren beýannamasynda Ukrainanyň üstaşyr Ýewropa akdyrylýan tebigy gaz we Ýewropanyň tebigy gaz bazarynyň şertleri hakynda garaýyş beýan etdi.

Russiýanyň Ýewropa akdyrýan tebigy gazynyň mukdaryny artdyrandygyny beýan eden Peskow; “Russiýanyň ähli ylalaşyklaryň borçlaryny berjaý edýändigini aýdyp bileris. Bar bolan ylalaşyklardaky üpjünçilik mukdarlary iň ýokary çäge ýetirildi” diýdi.

Gazpromuň ylalaşyklardaky borçlaryndan ýokary mukdarda gaz üpjün edip etmejekdigi hakyndaky soraga jogap beren Peskow: “Ylalaşyklardan artyk üpjünçilik bolmaz. Mugt berelimi?” diýdi.

Russiýanyň Ukrainanyň üstaşyr tebigy gaz akymyny artdyrmagy üçin Ýewropada rus gazyna bolan islegin artmalydygyny nygtan Peskow; “Ukrainanyň üstaşyrlyk meselesini çözmek üçin Ýewropadaky alyjylar ýüz tutmaly. Ýewropa firmalary ýokarlan tebigy gaz islegini göz öňünde tutup, Gazprom bilen goşmaça mukdarlarda täze, uzak möhletli şertnama baglaşyp bilerler. Ukrainanyň üstaşyr gaz akdyrmak üçin alyjylar bolmaly” diýdi.

 



Degişli Habarlar