ABŞ-nyň Wekiliýeti Katarda Talibanyň Wekilleri Bilen Duşuşdy

Praýs, ABŞ-nyň resmi wekiliýetiniň Dohada Talibanyň wekilleri bilen geçiren gepleşikleriniň içgin ýagdaýda we oňyn geçendigini aýtdy.

1718812
ABŞ-nyň Wekiliýeti Katarda Talibanyň Wekilleri Bilen Duşuşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs, ABŞ-nyň resmi wekiliýetiniň Kataryň paýtagty Dohada Talibanyň wekilleri bilen geçiren gepleşikleriniň içgin ýagdaýda we oňyn geçendigini aýtdy.

ABŞ-nyň wekiliýeti, amerikanyň esgerleriniň Owganystandan dolulygyna çekilmeginden soň Taliban bilen Katarda ilkinji gezek duşuşyk geçirdi.

Duşuşyk hakynda beýannama beren Praýs, duşuşygy “iş maslahaty” hökmünde häsiýetlendirdi.

Praýs, Amerikaly wekiliýetiň, Talibany sözlerine däl eýsem diňe hüjümlerine görä analiz etjekdigini açyk aýdyň beýan etdi.

Praýs, duşuşykda şol bir wagtda Owganystandaky terror howpy, Amerikan raýatlarynyň, ABŞ-na goldaw beren owganlaryň we daşary ýurtlylaryň ýurtdan aýrylmagyna rugsat berilmegi meselesiniň hem seljerlendigini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar