Putin, Merkel we Makron Bilen Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

Putin, Merkel we Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1718163
Putin, Merkel we Makron Bilen Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Ukraina meselesi hakynda pikir alyşdy.

Kremlden berlen beýannama görä, Putin, Merkel we Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ukrainanyň gündogarynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşan liderler, bu meselede çözgüt etabynyň depgininiň gowşamagyna alada bildirýändiklerini nygtady.

Putin telefon söhbetdeşligine, Ukrainanyň meseläniň çözülmegi üçin öz üstüne alan jogapkärçiligini ýerine ýetirmeýändigini nygtady.

 

 



Degişli Habarlar