Abbas Bilen Papa Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Abbas, Papa bilen fanatiki ýehudileriň Aksa metjidine guraýan operasiýalary hakynda pikir alyşdy

1718233
Abbas Bilen Papa Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Palestinanyň Prezdenti Mahmud Abbas, Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Papa Fransisk bilen fanatiki ýehudileriň Aksa metjidine guraýan operasiýalary hakynda pikir alyşdy.

Palestinanyň resmi WAFA gullugynyň berýän habaryna görä, Abbas Papa bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Abbas, Papa bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň we ýehudileriň Iýerusalime guraýan operasiýalarynyň bes edilmelidigini nygtady.

Abbas, fanatiki ýehudileriň Aksa metjidiniň mukaddesligine äsgermezçilik edýändigine ünsi çekdi.

Papa Fransisk hem “Biz iki döwetli çözgüde goldaw berýäris. Gündogar Iýerusalim, Palestina döwletiniň paýtagtydyr. Bu ýol dogry ýol, sebäbi parahatçylygyň ýoly” diýdi.

Papa, Abbasa “Size goldaw berýärin. Parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla etmäge dowam ederin” diýdi.



Degişli Habarlar