Owganystanda metjitde guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 100 adamdan geçdi

Owganystanda geçmişde Şaýylara garşy guralan hüjümleriň ählisini terror guramasy DAIŞ öz üstüne alypdy

1716977
Owganystanda metjitde guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 100 adamdan geçdi

Owganystanyň Kunduz welaýatynyň Saýed Abad sebitinde Şaýylara degişli metjitde guralan bombaly hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 100 adamdan geçendigi mälim edildi. 

Talibanyň Metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid, hüjümiň juma namazy okalýan wagty guralandygyny habar berdi. 

Hüjümde ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygyny aýdan Müjahid, Talibanyň harby güýçleriniň sebite barandygyny we hüjüm bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny beýan etdi. 

Hassahananyň resmileri ýogalanlaryň sanynyň 100 adamdan geçendigini habar berdiler. 

Şaýatlar bolsa kamikaze hüjümiň guralandygyny aýan etdiler. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 

Owganystanda geçmişde Şaýylara garşy guralan hüjümleriň ählisini terror guramasy DAIŞ öz üstüne alypdy. 



Degişli Habarlar