Tunisde harby dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde 3 adam ýogaldy

Tunisiň Gabes welaýatynda harby dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde 3 harby ýogaldy

1715446
Tunisde harby dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde 3 adam ýogaldy

Tunisiň Goranmak ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Mohamed Zekri, ýurdyň günorta-gündogaryndaky Gabes welaýatynda bir harby dikuçaryň ýere gaçandygyny habar berdi. 

Dikuçar heläkçiliginde 3 harbynyň ýogalandygyny aýdan Zekri: "Dikuçaryň näme sebäpli heläkçilige uçurandygyny anyklamak üçin wakanyň bolan ýerine harby tehniki topar gönükdirildi" diýip mälim etdi. 

Mohamed Zekri, wakanyň düýn gije harby tälim geçirilýän mahaly başdan geçirilendigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar