Owganystanyň paýtagty Kabulda bombaly hüjüm guraldy
Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahid waka bilen bagly beýanat berdi

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki Eidgah metjidiniň girelgesinde guralan bombaly hüjümde ýogalanlaryň sany 5 adama ýetdi.
Talibanyň metbugat geňeşçisi we Talibanyň hökümetiniň Medeniýet ministriniň orunbasarynyň wekili Zabihullah Müjahid, Kabul şäheriniň Çemen Huzuri etrapçasyndaky Eidgah metjidiniň girelgesinde bombaly hüjümmiň guralandygyny habar berdi.
Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Saeed Hosti, hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 5 adama ýetendigini mälim etdi.
Şaýatlar bolsa ýogalanlaryň sanynyň 8 adamdygyny, ýaralanlaryň sanynyň bolsa 20 adamdygyny beýan etdiler.
Degişli Habarlar

Braziliýada kiçi uçar ýere gaçdy
Braziliýanyň San-Paulu şäherinde kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 2 adam ýogaldy