Oman Aýlagyndaky Tropiki Tupanda 12 Adam Ýogaldy

Oman aýlagynda agyr ýitgä sebäpli bolan tropiki tupan sebäpli 12 adam ýogaldy

1714475
Oman Aýlagyndaky Tropiki Tupanda 12 Adam Ýogaldy

Milli adatdan daşary ýagdaýlar dolanşygy komitetiniň Twitter hasabyndan berilen beýanatda ýurtda şenbe gününden bäri dowam edýän “Şahin” atlandyrylan tupanda ýene-de 9 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Milli komitet tüweleýiň tropiki tupana öwrülendigini mälim etdi.

Beýleki tarapdan Kataryň Emiri Şeýh Tamin bin Hamad Al Sani, Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbas we Kuweýdiň mirasdüşer Şazadasy Al Jabir, Omanyň Soltany Heýsem bin Taryk bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, tropiki tupan bilen soňky ýagdaýlar hakynda maglumat aldylar.

Birleşen Arap Emirlikleri hem gündogar kenarlarynda zyýan ýetirmegine garaşylýan “Şahin” tupany sebäpli “ýokary derejeli taýarlyk” görülendigini habar berdi.

Türkiýe tupanda aradan çykanlar üçin duýgudaşlyk ýüzlenmesini çap etdi.

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada: “2021-nji ýylyň 3-nji oktýabryndan bäri Oman aýlagynda dowam edýän “Şahin” tupanynyň Omanda adam pidalarynyň çekilmegine we maddy ýitgilere sebäp bolmagyna gynanç bildirýäris. Tupanda ýoğalanlara alladan rehmet, hossarlaryna, dost we doganlyk ýurt Oman döwletine we halkyna duýgudaşlyk bildirýäris” diýilýär.



Degişli Habarlar