Geçen Ýyl ABŞ-nyň Goşunlarynda 580 Esger Janyna Kast Etdi

Bu barasynda ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň habarnamasynda beýan edilýär

1713241
Geçen Ýyl ABŞ-nyň Goşunlarynda 580 Esger Janyna Kast Etdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi (Pentagon), Amerikan goşunyndaky jana kast etmeler boýunça çap eden ýyllyk habarnamasynda harby gullukçylaryň arasyndaky jana kast etme mukdarynyň 2020-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende 9,1 göterim artandygy beýan edilýär.

Habarnamada ätiýaçdaky ofiserleriň arasyndaky jana kast etme mukdarynyň bolsa degişli döwürde 19,2, millli goragçylaryň arasyndaky jana kast etmeleriň mukdarynyň bolsa 31,7 göterim artandygy beýan edilýär.

Geçen ýyl gullukdaky, ätiýaçdaky we milli goragçylaryň arasynda 580 esgeriň janyna kast edendigine üns çekilýän habarnamada, gullukdaky harbylaryň arasyndaky jana kast etme mukdarynyň 5 ýylda 41,4 göterim ýokarlap, 100,000 adamda 28 ýetendigi beýan edilýär.

Habar boýunça beýanat beren ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Austin; “Netijeler aladalandyryjy. Esgerlerimiziň we olaryň maşgala agzalarynyň arasyndaky jana kast etme mukdarlary henizem iňňän ýokary we ýagdaý öwerlikli däl” diýdi.



Degişli Habarlar