BioNTech Içege Ragyna Garşy Sanjymyň 2-nji Synaglaryna Başlady

Nemes biotehnologiýa firmasy “BioNTejeh” amaly içege ragy sanjymynyň 2-nji tapgyr synaglaryna başlandygyny habar berdi

1713333
BioNTech Içege Ragyna Garşy Sanjymyň 2-nji Synaglaryna Başlady

Firmadan berilen beýannamada mRNA tehnologiýasyna esaslanýan “RNT122” sanjymy üçin 2-nji tapgyr synaglaryň başlandygy beýan edilýär.

ABŞ-dan, Germaniýadan, Ispaniýadan we Belgiýadan 200 keselliniň barlaga gatnaşýandygy aýdylýan beýannamada, barlagyň maksadynyň çişleriň hirurgiki we himiýaterapeýadan soň gaýtadan ýüze çykyp, çykman halatynda “BNT122” sanjymynyň netijeliligini öwrenmekden ybaratdygy habar berildi.

“BioNTech” firmasyndan berilen beýannamada dünýäde ölüm howply rak keselinden biri bolan içege ragynyň bejergisi üçin täze usullaryň gerekdigine hem üns çekilýär.

Firma deri ragy ýaly beýleki rak kesellerinde-de peýdalanmak üçin “BNT122” sanjymynyň kliniki barlaglarynyň hem dowam edýändigini habar berdi.


Etiketkalar: #sanjym , #içege ragy , #BioNtech

Degişli Habarlar